Ahal welaýatynda BMG-niň kubogyny almak ugrunda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi

  • 23.10.2019 06:27
  • 3.3k+

21-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça BMG-niň kubogyny almak ugrunda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, BMG-niň güni mynasybetli geçirilen bu çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Bäsleşik “Içerki baýlyklar Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň çeşmesidir” atly tema boýunça iňlis dilinde geçirildi we oňa 4 sany ýokary okuw mekdeplerinden 4 topar gatnaşdy.
Bäsleşik BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ý.Panowanyň çykyşy bilen başlandy. Ol öz çykyşynyň dowamynda bu çäräniň eýýäm 7 ýyl bäri geçirilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň ýaş nesilleriniň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda goşant goşýandyklaryny belledi.
Çykyşlara emin agzalary: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy K.Weýgand, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili L.Frebort baha berdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşan ähli talyplara hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. BMG-niň Baş kubogyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary mynasyp boldy.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......