Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» halkara sergi-maslahaty açyldy

  • 23.10.2019 06:07
  • 2.1k+

22-nji oktýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bi giň gerimli çäreleriň guramaçylary «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Тürkmennebit» Döwlet konserni çykyş edýändir.
Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we guramalarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Her ýylda geçirilýän bu abraýly forum nebitgaz ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürimegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Şu ýyl türkmen öndürijilieri bilen bir hatarda bu ulgamdaky öz önümlerini hem-de döwrebap hyzmatlaryny «British Petroleum», «Shell International B.V», «CNPC», «Buried Hill», «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.», «Dragon Oil», «Vitol», «SOСAR», «Gaffney, Cline& Associates», «Yugneftegaz», «Oracle Netherland B.V.» ýaly dünýä kompaniýalary we beýleki dünýä meşhur kompaniýalar görkezdiler.
Maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň dowam edýän iki gününiň içinde onda çykyş edýänler tarapyndan ýangyç-energetika ulgamyndaky dünýä dessurlarynyň ösdürilmeginiň meseleleri gozgalar, şeýle hem tejribe alyşmak we maslahata gatnaşyjylara häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat bermek maksady bilen tanyşdyryşlaryň hem-de ugurdaş mejlisleriň geçirilmegi meýilleşdirilendir.
Şu nebitgaz forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri üçin Aşgabadyň eteginde açylyp ulanmaga berilen tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça täze Gazhimiýa zawody bilen tanyşmak mümkinçiligi hem döredilendir.
23-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işini dowam etdirer.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......