Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 23.10.2019 05:30
  • 6k+

Türkmenistanyň Prezidentine Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasyndan soňra döwlet Baştutany Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Eger biz ösen döwletleriň tejribesine seredip görsek, onda, ilki bilen, bu ösüşleriň esasynda bilim berýän ulgamyň ýokary derejesiniň bardygyna göz ýetireris diýip, Türkmen Lideri belledi.
Döwlet Baştutany talyplara ýüzlenip, olara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyň miýesser edendigini belledi, çünki Türkmenistan bu ýurt bilen halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, siz okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz diýip belledi. Hususan-da, nanotehnologiýalar we tehnologiýalar, innowasiýalar, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda, döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenmek möhümdir.
«Siziň her biriňiz daşary ýurtda ata Watanymyz Türkmenistana wekilçilik edýärsiňiz. Şoňa görä-de, siz watansöýüjilik, giň düşünjelilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlak we ukyp-başarnyk bilen tapawutlanmalysyňyz» diýip, döwlet Baştutany nygtady.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......