Türkmenistana maýa goýum goýmak boýunça Ýaponiýa öňdebaryjy orny eýeleýär

  • 22.10.2019 16:52
  • 4k+

Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmeklige gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň düzüminde Ýaponiýa öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdirýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow Tokioda geçirilen işewürler maslahatynda belledi, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
2019-njy ýylyň 9 aýynyň jemi boýunça daşary ýurtdan gelýän maýa boýunça ýurtlaryň ilkinji bäşligi şundan ybarat: Ýaponiýa, Hytaý, Günorta Koreýa, Germaniýa we ABŞ.
R.Jepbarowyň çykyşynda belleýşi ýaly, ýurduň daşary söwdasynyň möçberi 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda 7,2 mlrd amerikan dollaryna, şol sanda eksport – 4,7 mlrd dollar, import – 2,5 mlrd dollar boldy. Ýagny položitel saldo 2,2 mlrd dollara deň boldy.
Ýaponiýanyň kompaniýalary we maliýe guramalary bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň diňe bir Daşary ykdysady iş bankynyň portfelinde umumy bahasy 7,6 mlrd amerikan dollaryna barabar bolan 10 sany maýa goýum taslamasy bar. Şolarda ýapon maliýeleşdirmesiniň paýy – 4,6 mlrd dollara barabardyr.
Daşary ýurt maýalary boýunça pudaklaýyn gatnaşyk babatda alanyňda, bu ýerde ilkinji orunda gazhimiýa senagaty durýar.
Täze maýa goýum taslamalarynyň hatarynda — Ahal welaýatynda gazbenzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji tapgyryny, Balkan welaýatynda ýene-de bir karbamid zawodyny we gazhimiýa toplumyny gurmak, Lebap welaýatynda himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we başga-da senagat, ulag taslamalary bar.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......