«RŽD» Mahaçkaladan geçýän türkmen nebit önümlerine ýeňillik girizýär

  • 22.10.2019 00:23
  • 3.4k+

«Russiýanyň demir ýollary» kompaniýasy şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistandan Mahaçkala portunyň üsti bilen Azow-Gara deňiz basseýniň portlaryna çykýan ugurda dizel ýangyjynyň we mazutyň üstaşyr daşalmagyna 50 % ýeňillik girizýär. ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, bu barada kompaniýa saýtynda belleýär.
Bu indeks karar kabul edilen wagtyndan güýje girýär we 2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam edýär. Türkmen dizel ýangyjynyň we mazutynyň Mahaçkala portundan üstaşyr geçirilmegine ýeňillikleriň girizilmegi türkmen ýük iberijileriniň bu ugur boýunça energiýa serişdelerini ibermeklerine ynam döretmekligi maksat edinýär.
Öz wagtynda Mahaçkala portunda düzgün bozmalaryň ýüze çykarylanlygy sebäpli türkmen kompaniýalary öz ýüklerini Bakunyň üsti bilen iberip başladylar. Beýleki köp sanly daşary ýurt kompaniýalary hem ýaha ýük daşama ugruny üýtgetdiler, ýa-da möçberini düýpli kemeltdiler.
Döwlet Dumasynyň wise-spokeri Wladimir Wasilýewiň Dagestanyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip bellenilmegi bilen ýagdaýlar üýtgäp başlady. Häzirki wagtda nebitiň howpsuz üstaşyr geçirilmegi we «gara altynyň» ogurlanmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň toplumy işlenip düzüldi.
Netijede türkmen nebit iberijileri hem önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin Mahaçkala portundan peýdalanyp başladylar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......