Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 21.10.2019 06:42
  • 2.9k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, türkiýeli işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Irlandiýa, BAE-i, Gonkong, Türkiýe, Ermenistan, Özbegistan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 596 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-den, Gonkongdan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 56 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million130 müň manatdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......