Awstraliýa kompaniýasynyň uçary Nýu-Ýorkdan Sidneýa ilkinji gonalgasyz uçuşy amala aşyrdy

  • 21.10.2019 06:27
  • 3.4k+

Qantas awstraliýa awiaýükdaşaýjysynyň uçary taryhda ilkinji gezek Nýu-Ýork – Sidneý ugry boýunça gonalgasyz uçuşy amala aşyrdy. Şeýle maglumat kompaniýanyň beýannamasynda habar edildi.
Has takygy, 19 sagat 16 minut dowamlylykda türgenleşik uçuşyndan soň uçar Sidneýa gondy. Uçuşa 49 ýolagçy we ekipažyň agzalary gatnaşdy, diýip TACC habar berýär.
Uçuş prosesinde birnäçe eksperimentler geçirildi, onuň netijeleri bolsa adamlaryň bortda özlerini duýuşlaryny anyklamaga mümkinçilik berýär. Awiaýükdaşaýjynyň pikirine görä, bu barlaglar geljekde ekipažyň agzalygyna kandidatlaryň sanawyny düzmäge, şeýle-de uzak gatnawlarda ýolagçy hyzmatlarynyň normatiwini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Şu ýylyň awgustynda Qantas kompaniýasy Awstraliýanyň gündogar kenarýakasyndan Nýu-Ýorka we Londona uzak gatnawlary amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini habar edipdi. Täze ugurlar Awstraliýanyň şäherlerine uçmak üçin täze gatnawlary açmagy göz öňünde tutýan Sunrise-Qantas taslamasynyň bir bölegi bolar.
Habar berlişine görä, ýükdaşaýjy dekabra çenli gatnawlaryň ekonomiki peýdasyny doly ýüze çykarar we Sunrise taslamasynyň uzak aralyga gatnawlarynyň goýberilişi barada anyk çözgüdi kabul eder.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......