Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmegiň çäreleri tassyklanyldy

  • 21.10.2019 06:10
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Elektrik energetikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem elektrik energetikasy pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
- Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň Tertibi;
- Elektroenergetika ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurluşygy we ulanylmagy üçin bölünip berilýän ýer bölekleriniň ölçeglerini we olaryň ulanylyş Tertibi;
- Ýaşaýşyň üpjün edilmegine degişli obýektleriň, şeýle hem elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli bolmadyk önümçiligiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektleriniň Sanawy tassyklanyldy.
Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 2022-nji buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......