«Türkmenpoçta» manat görnüşinde içerki pul geçirim hyzmatyny hödürleýär

  • 20.10.2019 00:37
  • 6.9k+

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde pul geçirim hyzmatyny hödürleýär. «Biznes Türkmenistan» saýtynyň kompaniýanyň mahabat kagyzlaryna salgylanyp habar bermegine görä, pul geçirimleri bellenen wagtda gowşurylýar.
Ýerli poçta kompaniýasy manat görnüşinde ugradyljak pul möçberi üçin alynýan hyzmat tölegini alty aýry bölümde jemleýär.
“Türkmenpoçta” 1-300 manat aralygyndaky geçirimler üçin 6%, 301-500 manat aralygyndaky geçirimler üçin 5%, 501-1000 manat aralygyndaky geçirimler üçin 4%, 1001-2000 manat aralygyndaky geçirimler üçin 3%, 2001-3000 manat aralygyndaky geçirimler üçin 2%, 3000 manatdan ýokary geçirimler üçin 1% hyzmat tölegini alýar.
Kompaniýanyň maglumat bermegine görä, bu hyzmat häzirki wagtda “Türkmenpoçta”-nyň ähli şahamçalarynda hereket edýär.
Häzirki wagtda "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2000-den gowrak hünärmen zähmet çekýär, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Kompaniýa 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.
Kompaniýanyň hyzmatlary barada goşmaça maglumat almak isleýänler +99312 930936 we +99312 921495 telefon belgilerine jaň edip bilerler.

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......