Nädip hoşal hem şadyýan bolup oýanmaly: durmuşuňyzy gowulyga tarap üýtgetjek 6 ädim

  • 19.10.2019 22:42
  • 7.7k+

Netijeliligi artdyrmak we keýpiňi götermek üçin dünýäde iň meşhur motiwasion oratorlarynyň biri Hel Elrodyň “Säheriň jadysy” bestsellerinde hödürlän köptaraply formulasyndan peýdalanyp görüň. Bu kitap müňlerçe adama doly energiýaly ýagdaýda oýanmaga, stresiň derejesini peseltmäge we möhüm zatda ünsi jemlemäge kömek etdi.
S.A.V.E.R.S. – ýazyjynyň hödürleýän iň esasy metody. Bu abbrewiaturanyň her bir harpy – ideal irdene tarap ädim.
• S – silence – jadyly ümsümlik. Ir bilen özüňize iň bolmanda 5 minut özge pikirlerden we işlerden aýry bolmaga mümkinçilik beriň. Oýananyňyzdan soň iň bolmanda ilkinji bir sagat telefonyňyzy we kompýuteriňizi ýatdan çykaryň. Öz aňyňyza azatlygy sowgat ediň.
• A – affirmations – ynandyrma. Öz tutuş günüňizi sazlaň. Ol hökmany netijelilik we iş bilen bagly bolmaly däl. Özüňize şeýle diýip bilersiňiz: “Şu gün men şadyýan we rahat bolaryn!” Eger-de islegiňiz karýer belentliklerini boýun egdirmäge emir edýän bolsa, onda uly bolmadyk maksatlarda ünsüňizi jemläň, meselem: “Şu gün men taslama üçin birnäçe täze ideýalary oýlap taparyn”.
• V – visualization – maksatlaryň wizualizasiýasy. Her bir kiçijik ädimi öz maksadyňyza tarap ýolda göz öňüne getiriň. Sizi kämilleşmä we beýleki ähmiýetli maksatlara ýetirjek özüňiziň gündelik ýumuşlaryňyzy nähili ýerine ýetirýändigiňizi wizuallaşdyryň.
• E – exercise – irdenki sport, onsuz nirä? Alymlar fiziki işjeňligiň beýniniň işjeňligine peýdaly täsiriniň bardygyny diňe bir ýyl bäri tassyklanoklar. Ýöne çendenaşa jan etmek gerek däl. Öz duýgularyňyzdan we makullamalaryňyzdan daşlaşyň. Öz göwnüňize laýyk sporty saýlap alyň. Arassa howada ylgap bilersiňiz, ýeňil maşklary edip bilersiňiz.
• R – reading – okama. Sizi tutuş günüňize motiwirlejek kitaby saýlap alyň we oňa ertirlik başynda iň bolmanda 15 minut sarp ediň. Barlap görüň, siz özüňizi ynamly duýarsyňyz. Onuň üstesine-de, bu şeýle ýakymly – işe ýa-da okuwa degişli zady däl-de, özüň üçin bir zatlar okamak.
• S – scribble – ýazyň! Gyzykly ideýalary, pikirleri ýazyp alyň. Siz kelläňizde belliksiz uçup gidýän köp sanly ideýalaryň bardygyna geň galarsyňyz. Kim size özüňizden başga gowy gürrüňdeş bolup biler?

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......