«Ýüpek ýoly otlynyň penjiresinden» syýahatçylyk sapary Aşgabada geldi

  • 19.10.2019 06:40
  • 5.5k+

Ýöriteleşdirilen «Orient Silk Road Express» otlusy Gazagystan – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan demir ýol geçelgesi boýunça syýahatçylyk saparyny amala aşyrýan syýahatçylary Aşgabada getirdi. Bu syýahatçylyk sapary gadymy we orta asyrlarda Hytaýy Orta Aziýa bilen baglanyşdyran kerwen ýollarynyň ugry boýunça gurnaldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmen syýahatçylyk operatorlarynyň hem gatnaşýan «Ýüpek ýoly otlynyň penjiresinden» syýahatçylyk sapary daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň çäginde ýerleşen we ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna giren taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp görmäge mümkinçilik döredip berdi.
Şeýle hem syýahatçylar Türkmenistanyň häzirki zaman keşbi, binagärlikde gazananlary, paýtagtymyzyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren desgalary bilen tanyş boldular.
Belläp geçsek, şu ýylyň özünde Aşgabada Amerikadan, Awstraliýadan, Ýewropadan, Gündogar Aziýadan syýahatçylary getiren alty sany ýöriteleşdirilen otly geldi.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......