Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk hereketiniň Bakuda geçiriljek sammitine gatnaşar

  • 19.10.2019 05:51
  • 2.8k+

25-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar. Bu sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Türkmen Lideri Baku şäherinde geçiriljek sammite gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, däbe öwrülen dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegine esaslanýan hem-de anyk netijeleri gazanmagy ugur edinýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ynanyşmak, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykýandygyny hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammiti barada durup geçmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi.
Prezident dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere degişli resminamalary iberdi we bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......