5 — 6-njy noýabrda Aşgabatda halkara kitap sergi-ýarmarkasy geciriler

  • 19.10.2019 05:38
  • 1.7k+

5 — 6-njy noýabrda Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahat geçiriler. Bu çärelere taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Foruma neşirýat-çaphana gulluklarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň okyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başynda çekişmeleri hem-de beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nobatdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Türkmenistanyň Lideri täze taryhy eýýamda milli ruhy mirasymyzy wagyz etmekde, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen medeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi babatda forumyň ähmiýetini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......