Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Russia Today bilen hyzmatdaşlyk eder

  • 18.10.2019 05:55
  • 4k+

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) başlygy RT halkara teleýaýlymy ady bilen has belli «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama gol çeker. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Buýruga gol çekdi.
Munuň özi türkmen köpçülikleýin — medianyň okyjylarynyň SANYNY artdyrmakda, ony halkara derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädimdir. Şeýle hyzmatdaşlyk iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, şeýle hem täze tehnologiýalary peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) tarapyndan birnäçe ýurtlaryň — Pakistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi. Munuň özi bu döwletlerde hem-de tutuş dünýäde ýurdumyz barada dessin hem-de ygtybarly habarlaryň ýaýradylmagyna ýardam berýär.
Tutuşlygyna alnanda, TDH bilen RT-niň hyzmatdaşlygy hakyndaky Ähtnama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy goldamaga, sebitde we Ýer şarynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny goldaýan oňyn ynsanperwer syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak üçin has giň we açyk ýaýlymlaryň, meýdançalaryň döredilmegine gönükdirilendir.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......