Türkmenistanda plastik ýygnamak boýunça ekologiýa çäresi badalga aldy

  • 18.10.2019 05:35
  • 7.3k+

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti plastik ýygnamak boýunça ekologiýa çäresine badalga berdi. Bu çäräniň maksady — jemgyýetçiligi daşky gurşawyň hapalanmagy meselesine çekmek we bilelikdäki tagallalar bilen plastik galyndylaryň sanyny azaltmakdan ybaratdyr. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Bu çärä goşulyp, daşky gurşawy gorap saklamaga şahsy goşandyny islendik adam goşup biler. Munuň üçin suwdan, ösümlik ýagyndan, hojalyk himiýasyndan boşan plastik gaplary Aşgabatdaky Mäti Kösäýew köçesiniň 23/1 jaýynda ýerleşýän kabul ediş nokadyna eltip tabşyrmaly. Eger-de sizde plastik gaplaryň aşa köp mukdary üýşen bolsa, onda olary alyp gaýtmakda gurama size ýardam edip biler.
Bu çärä gatnaşýan meýletinçilere gurama dürli ösümlikleriň tohumlaryny sowgat berýär. 10-15 kilogram plastik üçin, çärä gatnaşyja 3-4 tohum berilýär.
Soňra plastik gaýtadan işlenilýär we güldanlary, haltalaryň önümçiliginde zerur bolan sintetik sapaklary we beýleki köp sanly önümleri öndürmek üçin peýdalanylýar.
Bu günki güne çenli ekologiýa çäresine gatnaşyjylar 2,5 tonnadan gowrak plastik önümleri toplap, utilizirlediler. Guramanyň wekilleriniň bellemegine görä, golaýda bu ekologiýa çäresine Türkmenistanyň beýleki sebitleri hem goşuldy. Ol ýerlerde hem bölümçeler hereket edýär.
Şeýle hem guramanyň wekilleri birnäçe göçme çäreleri hem geçirýärler. Geçen ýyl Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň agzasy bolup durýan Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri Hazaryň kenarýakasynda bu zolagy arassalamak boýunça ekologiýa çäresini geçirdiler.
31-nji oktýabrda bellenilip geçiljek Şäherleriň bütindünýä gününde bolsa, gurama BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde okuwçylar bilen Aşgabadyň eteklerinde bag ekmek çäresine gatnaşarlar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......