Türkmenistanda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ozalky tertibine 3 sany kesele garşy sanjymlar goşuldy

  • 17.10.2019 02:14
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň habar bermegine görä, 2019-njy ýyldan başlap ilat arasynda geçirilýän keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ozalky tertibine ýene-de üç sany keseliň: pnewmokokka, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar goşuldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu sanjymlaryň düzümine jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine garşy sanjymlar girýär. Sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.
Häzirki döwürde birnäçe ýokanç kesellere bir wagtyň özünde garşy durmaga immuniteti üpjün edip bilýän waksinalar ileri tutulýar. Şeýle waksinalar adamy agyr görnüşli ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan goramaga mümkinçilik berýär.
Keselleriň garşysyna sanjym işleri ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde, abadançylygy üpjün etmekde ygtybarly serişde bolup durýar. Türkmenistanda çagalara we uly adamlara öňüni alyş sanjymlary yzygiderli geçirmegiň ýokary derejesi (95 — 99 göterim) üpjün edilýär. Immuno öňüni alyş işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de olara ilatymyzyň işjeň gatnaşmagy netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemegiň pes derejesine ýetildi.
(Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-98-46, 36-90-67, 36-91-40, 36-91-38).
Unutmaň! Keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almak bilen, siz diňe bir ýokanç keselleriň däl, eýsem, şol keselleriň netijesinde ýüze çykýan agyr gaýra üzülmeleriň hem öňüni alyp bilersiňiz.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....