Noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi sapary meýilleşdirilýär

  • 17.10.2019 01:48
  • 2.8k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 14-15-nji oktýabrda Italiýa amala aşyran iş saparynyň barşynda şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna meýilleşdirilýän resmi saparyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-italýan işewürler maslahatyna degişli meselelere hem seredilip geçildi. Şeýle-de taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn dinamikasyny belläp, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy geljekde berkitmek barada pikir alyşdylar.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......