Aşgabatda senagat pudagynyň ösüşlerine bagyşlanan halkara sergi geçirilýär

  • 16.10.2019 06:45
  • 2.7k+

Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu halkara forumyny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl ýurdumyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlandy.
Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Söwda-senagat edarasynyň sergi binasynda pudaklaryň sergi bölümleri ýerleşdirilip, şolarda döwlet maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryny görülip-eşidilmedik giň gerimde döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň üstünliklere beslenýändigi barada gürrüň berilýär.
Şolaryň köp bölegi türkmen işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri önümçiliklere tehnologiýa täzeliklerini ornaşdyrmagyň binýadynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň döredilmegine degişlidir.
Sergide gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň himiýa hem-de dokma senagaty, gaz we nebithimiýa, ulag, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi we azyk senagaty ugurlarynyň ösüşi beýan edilýär. Ýurdumyzyň döwlet hem-de telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň sergi bölümlerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikleri açylyp görkezilýär.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......