2019-nj ýylda Buker baýragyna Margaret Etwud we Bernardin Ewaristo mynasyp boldy

  • 15.10.2019 17:33
  • 2.1k+

2019-njy ýylda Buker baýragyna birbada 2 ýazyjy: Margaret Etwud we Bernardin Ewaristo mynasyp boldy. Bu barada bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär.
Etwud eýýäm ikinji gezek Buker baýragyna mynasyp bolmagy başardy. 2000-nji ýylda ol «Kör ganhor» romany üçin bu baýragy alypdy. Bu gezek Etwud «Wesýetler» diýen romany üçin Buker baýragyny eýeledi.
Ewaristo «Gyzlar, zenanlar, galan zatlar» diýen romany üçin baýraga mynasyp boldy. Bu romanynda ol 12 sany garaýagyz britaniýaly zenanlaryň durmuşyndan gürrüň berýär.
1993-nji ýyldan bäri Bukeriň düzgünlerine laýyklykda, baýrak birbada birden köp adama berilmeýärdi. Emma emin agzalar topary Etwud bilen Ewaristonyň arasyndan birini saýlap bilmändiklerini, şonuň üçin hem kadadan çykma edendiklerini aýdýarlar.
Esasy baýragy — 50 müň funt sterlingi — awtorlar özara paýlaşarlar. Olaryň ikisi hem baýragyň taryhyna ýazylar: Etwud baýraga mynasyp bolan iň ýaşuly zenan hökmünde, Ewaristo bolsa baýraga mynasyp bolan ilkinji garaýagyz zenan hökmünde.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......