«Türkmenhowaýollarynyň» uçuşlarynyň howpsuzlygynyň üpjünçiligi barlanyldy

  • 15.10.2019 06:34
  • 5.3k+

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolýan IKAO — Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda habar berildi. Onuň hünärmenleri bilen bilelikde howa menzillerini we howa hereketini dolandyrýan ähli düzümler boýunça işler geçirilýär. Awiasiýa howpsuzlygynyň ölçeglerini ulanmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça duşuşyklary geçirmek we maslahatlary bermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Agentligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, EASA-nyň bilermenleri «Türkmenhowaýollary» tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýurdumyzyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere oňyn baha berdiler.
D.Saburow hasabatyny dowam edip, EASA-nyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleriniň Aşgabadyň Halkara howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigini tassyklandygyny habar berdi. Munuň özi Türkmenistanyň raýat awiasiýasy babatda beýleki döwletler we halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowyň hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowyň ünsüni EASA-nyň bilermenleri tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde degişli awiasiýa gulluklarynyň hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň işine geçirilen barlaglaryň oňyn netijelerine çekdi. Türkmen Lideri bu ýagdaýyň ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işiniň ýokary derejesine we hiline şaýatlyk edýändigini, munuň bolsa Ýewropa ugrunda ýolagçylary gatnatmagy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýere agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy. Bu meselede bazar nyrhlaryndan ugur alynmalydyr. Şoňa görä-de, gatnawlara ediljek çykdajylar we şolardan geljek girdejiler hem nazara alynmalydyr. Munuň howa gatnawlaryny amala aşyrýanlar üçin-de girdejili bolmagy göz öňünde tutulmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmek arkaly Ýewropa döwletleriniň şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmek üçin iki aý möhlet berip, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygyna degişli meýilnamany taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany şunda ýolagçylar üçin hem ähli amatlyklaryň döredilmelidigine ünsi çekdi.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......