Harby gulluga çagyrylyşyň güýzki möwsümi dowam edýär

  • 15.10.2019 06:21
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki harby wekilliklerde 2019-njy ýylda harby gulluga çagyrylyşyň güýzki möwsümi gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» elektron neşiri habar berýär.
Häzirki wagtda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny esasynda geljekde Watan goragynyň mizemez sütüni boljak esgerler lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, psihologik taýdan seljerilýär, şondan soňra iş topary olaryň başarnyklaryny, ruhy-psihologik häsiýetlerini we goşun görnüşleri boýunça isleglerini nazara alyp, çagyryş boýunça harby gulluga kabul edýär.
Bellemeli zatlaryň biri «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň 3-nji bendinde görkezilişi ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlara (ozal şeýle okuwda okamadyk bolsalar) 26 ýaşy dolmazlyk şerti bilen, okuwyň möhletine barabar çagyryş möhletini yza süýşürmek mümkinçiligi berilýär. Internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar Kanun boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge esas bermeýär.
Harby gulluk bilen bagly soraglar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» neşiriniň web-saýtynyň «Harby hukuk» bölüminde «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny bilen dolulygyna tanşyp, jogap tapyp bilersiňiz. «Sorag-jogap» bölüminden bolsa harby gulluk barada ýygy-ýygydan berilýän soraglaryň jogaplary bilen tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem web-saýtyň «Habarlaşmak üçin» penjiresinden harby gulluga degişli özüňizi gyzyklandyrýan soraglaryňyzy ýollap bilersiňiz.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
742

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......