Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň medaly bilen sylaglandy

  • 12.10.2019 21:53
  • 4.6k+

Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmen Lideriniň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygyny belläp, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy.
Sylagy GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogly, Müdiriýetiniň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý, şeýle hem döwletara gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanow gowşurdy.
YHDG-niň müdiriýetiniň başlygy Polat Bilbil ogly şu gün bu ýerde bolmagyň hem-de gaznanyň müdiriýetiniň we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiň adyndan Türkmenistanyň halk artisti hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu medaly gowşurmagyň hem-de uly üstünlikleri arzuw etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň müdiriýetine bu ýokary sylag bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu waka, ilkinji nobatda, Türkmenistana we onuň halkyna hormat-sarpanyň nyşany, medeni-ynsanperwer ulgamda GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýurdumyzyň hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde baha berýändigini belledi.

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......