Türkmenistanyň Prezidenti Sergeý Lebedewi «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglady

  • 12.10.2019 20:48
  • 2.3k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem halkara durmuşyna işjeň gatnaşandygyny, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary Sergey Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň netijeli işi köp babatda onuň Ýerine ýetiriji komitetiniň takyk we sazlaşykly işine baglydyr. Birnäçe ýylyň dowamynda bu düzüme Sergeý Nikolaýewiç Lebedew ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýokary hünär häsiýetleri, guramaçylyk zehini hem-de ägirt uly durmuş tejribesi Arkalaşygyň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.
GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň, pudaklaýyn geňeşleriniň, komissiýalarynyň we komitetleriniň mejlislerini guramak hem-de geçirmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda gatnaşyklaryň giň ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütleri taýýarlamak we şolaryň ylalaşylmagyny guramak, çözgütleriň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň başlygynyň işiniň görnüşleriniň diňe bir bölegidir.
Sergeý Lebedew Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine mundan beýläk-de netijeli işlejekdigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary döwletleriň hem-de wekiliýetleriň baştutanlaryna ýokary ynam hem-de geljek üç ýyl üçin oňyn ygtyýarlyklarynyň tassyklanmagy üçin hoşallyk bildirdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......