OPEC 2019-njy ýylda nebitiň sarp edilişi boýunça çaklamasyny aşaklatdy

  • 11.10.2019 00:09
  • 3.1k+

2019-njy ýylda dünýä boýunça nebitiň sarp edilişi geçen ýyl bilen deňeşdirilende günde 0,98 mln barrel artyp, bir günde 99,8 mln barrele ýeter, diýlip Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň (OPEC) hasabatynda bellenilýär. Bu barada Trend "Вести.Экономика" salgylanyp habar berýär.
Şeýlelikde, sarp edilişiň ösüşiniň çaklamasy bir aý mundan öň edilen bilen deňeşdirilende bir günde 40 müň barrel töweregi aşakladyldy. Bu bolsa Demirgazyk we Günorta Amerikanyň hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) döwletleri boýunça maglumatlaryň düzedilendigini aňladýar.
Çaklamalara görä, 2020-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan isleg 1,08 mln barrel artyp, günde 100,88 mln barrele ýeter. Bu bolsa geçen aýyň çaklamalaryna laýyk gelýär.
Garaşylyşy ýaly, YHÖG girýän döwletler 2020-nji ýylda nebitiňň dünýä boýunça sarp edilişine günde 0,07 mln barrel goşar. Şol bir wagtda, bu gurama girmeýän döwletler çaklamalara görä, nebite dünýä boýunça islegiň artmagynyň esasy hereketlendirijisi bolar. Olar hem günde 1,01 mln barrel goşar.
Awgust üçin deslapky maglumatlaryň görkezmegine görä, YHÖG döwletleriniň nebit ätiýaçlyklary geçen aý bilen deňeşdirilende 10 mln barrel artyp, 2 mlrd 937 mln barrele ýetdi. Bu görkeziji bir ýyl mundan öňküden 85 mln barrel artykdyr we ortaça bäşýyllyk derejeden 11 mln barrel ýokarydyr.
Şol bir wagtda nebit ätiýaçlyklary 21,9 mln barrel azalypdyr. Bu diýildigi, ortaça bäşýyllyk derejeden 28 million barrel azdyr. Nebit önümleriniň ätiýaçlyklary bolsa, bu görkezijiden 39 million barrel ýokary bolmagynda galyp, 32 mln barrel artdy.

08.06.2026 19:01
4.4k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...