Türkmenbaşy — Mahaçkala parom aragatnaşygy arkaly türkmen ýükleri Ýewropa iberilip bilner

  • 08.10.2019 18:30
  • 6k+

2020-nji ýylda Mahaçkala bilen Türkmenbaşy şäherleriniň aralygynda parom aragatnaşygyny ýola goýmak meýilleşdirilýär, diýip Turkmenportal agentligi TASS agentligine salgylanyp habar berýär. Parom her ýylda 1 mln tonna çenli ýük gatnatmaga ukyply bolar, diýip Dagestanyň ykdysadyýet ministriniň w.w.ý.ý Gadji Sultanow TASS agentligine habar berdi.
«Häzirki wagtda «Türkmen logistika merkezi» türkmen kompaniýasy parom aragatnaşygy [Türkmenbaşynyň we Mahaçkalanyň arasynda] meselesiniň üstünde işleýär. Biz 2020-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda bu meseläniň çözülmegine garaşýarys. Mahaçkala portunda paromlary kabul etmäge mümkinçilik bar we bu mesele türkmen wekilleri tarapyndan işlenilýär» - diýip Sultanow belledi.
«Bizde parom yzyna gaýdanda hem ýük ýüklemäge mümkinçilik döreýär. Bu önümlere tüwi, alkogolsyz içgilerimiz, mineral suwlar, senagat kärhanalarymyzyň önümleri degişli bolup biler. Türkmenistandan üstaşyr ýükler getiriler. Olar ilki biziň portumyzdan, soňra bolsa Noworossiýskden Ýewropa iberiler» - diýip agentligiň söhbetdeşi belledi.
Awgustda birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda Türkmenistanyň RF-iň birnäçe sebitleri bilen, şol sanda Astrahan welaýaty we Demirgazyk Kawkaz sebitleri, hususan-da, Dagestan bilen parom aragatnaşygyny ýola goýmagy niýet edýändigini bellenildi.
Mahaçkala – Türkmenbaşy parom aragatnaşygy 2002-nji ýylda işe girizildi we bir ýyl töweregi hereket etdi. Mahaçkalanyň söwda deňiz porty Russiýanyň Hazar deňzinde doňmaýan we çuň ýeke-täk porty. Ol uzynlygy 150 metre çenli uzynlykly we düýbi 4,5 metre çenli gämileri kabul edip bilýär.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......