FIFA we BSGG futbolyň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edip başlar

  • 06.10.2019 18:10
  • 1.9k+

Futbolyň Halkara Federasiýasy we Birleşen Milletler Guramasy adamlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň artykmaçlyklary baradaky bilimleri artdyrmak boýunça tagallalaryny birleşdirýär. BSGG-niň ştab-kwartirasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhan Gebreýesus bilen FIFA-nyň prezidenti Žanni Infantinonyň Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmegi muňa şaýatlyk edýär. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär.
Guramalaryň ikisi hem bütin dünýäde futbolyň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek borçnamalaryny öz üstüne aldylar.
— Ýer ýüzüniň ilatynyň ýarysy 2018-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etdi. Bu bolsa biziň birleşmegimiz, milliardlarça adama sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak boýunça peýdaly habary ýaýratmagymyz üçin ägirt uly mümkinçilikleri berjekdigini aňladýar – diýip BSGG-niň baş direktory belleýär.
Dört ýyllyk hyzmatdaşlygyň çäklerinde BSGG FIFA-nyň çärelerinde temmäkiden azat zolagy gurnamak, milli futbol federasiýalaryny degişli syýasaty kabul etmäge höweslendirmek, şeýle hem saglygy goraýşyň birnäçe meseleleri, şol sanda arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş boýunça FIFA tehniki maslahatlary bermek ugurlarynda iş alyp barar.
Hyzmatdaşlyk şeýle hem milli assosiasiýalaryň, futbolçylaryň, tälimçileriň we meýletinçileriň gatnaşmagynda hem maksatnamalary we başlangyçlary öz içine alýar.
— Futbol — bu özboluşly uniwersal dil. Biz saglygy goraýyş we sagdyn durmuş ýörelgelerini bütin dünýäde wagyz ediş ulgamlarynda başlangyçlary goldamak üçin öz meýdançamyzy peýdalanmak isleýäris – diýip Žanni Infantino belledi.
Adamlar köpçüligini we jemgyýetleri köpçülikleýin başlangyjyň töwereginde birleşdirmekde sportuň möhümligi BMG-niň çäklerinde eýýäm öňden bäri durmuşa geçirilýär.
Belläp geçsek, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammediň belleýşi ýaly, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi sporty «durnukly ösüşi üpjün etmegiň serişdesi» hökmünde kesgitledi.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....