Türkmenistanyň köp sanly raýatlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

  • 05.10.2019 05:52
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, medeniýet pudagyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri üçin, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge gatnaşandyklaryny nazara alyp, karar edildi:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Amanmuhammet Hydyrowy,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Akmät Begenjowiç Nepesowy,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Täze zaman geňeşliginiň Dörtýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Bazarowy;
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Gurbanmyradowna Abdyýewany,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy Şatlyk Gurbanowiç Işanowy,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Şyhmyradowna Ballyýewany,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Ýusup Gylyçdurdyýewiç Gylyçdurdyýewi,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri Begenç Baýrammämmedowiç Saparowy,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy Serdar Aşyrowiç Gaýypowy,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Mizan» täjirçilik merkeziniň «Mizan» myhmanhanasynyň aşpezi Muratniýaz Atabaýewiç Klyçýewi,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Köşi alyjylar jemgyýetiniň «Türkmen nagyşlary» önümçilik kärhanasynyň «Nusaý» restoranynyň müdiri Nurgeldi Tokarowy,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň režissýory Eziz Emirgulyýewiç Işangulyýewi,
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň baş baletmeýsteri Maksat Annamuhammedowiç Garaýewi,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymy kafedrasynyň uly mugallymy, aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň dekany Hijran Rozyniýazowiç Ergeşowy,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy Merdan Myratgulyýewiç Abaýewi,
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň saz bölüminiň müdiri Mämmet Daňatarowiç Hydyrowy,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert bölüminiň alyp baryjysy Döwlet Kakamyradowiç Annageldiýewi,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynyň müdiri, «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Gurbanmyrat Ýagşyýewi,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Režissýorlar, suratçylar we beýleki işgärler toparynyň ýolbaşçysy Guwanç Hudagulyýewiç Söýünowy,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň Göçme telewizion stansiýasynyň çalşyk başlygy Şöhrat Öwezdurdyýewiç Garaýewi,
Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet merkeziniň artisti Gülşöhre Aýdogdyýewna Orazsähedowany,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Irikli oba medeniýet öýüniň medeni çäreleriniň guramaçysy Ogulbagt Manyýewany,
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Mekan Artykmyradowiç Silapowy,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň A.Gandymow adyndaky geňeşliginiň Watan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Enejan Altyýewany;
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:
«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň baş direktory Ýusup Gurbanberdyýewiç Baýramowa;
«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň baş režissýory Aman Arslanowiç Rozyýewe,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň balet artisti Geldi Annamuhammedowiç Nyýazowa,
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň režissýory Amanmämmet Baýrammämmedowiç Täçmämmedowa,
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparynyň baş çeper ýolbaşçysy Allaberdi Tagandurdyýewiç Nazarowa,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň artisti Töre Şamyradowiç Orazgeldiýewe,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejerýän ussasy Çary Gutlyýewe.

düýn 18:01
118

Alymlar berk sosial baglanyşyklar biologiki taýdan garramagy haýalladýar diýip hasaplaýarlar

Amerikaly barlagçylar ömrüň dowamynda berk sosial baglanyşyklaryň biologiki taýdan haýal garramak bilen baglanyşyklydygyny anykladylar. Bu barada "Brain, Behavior & Immunity - Health” žurnalyndaky makala salgylanýan PsyPost ýazýar...

düýn 17:04
167

Eplenýän smartfonlaryň bazarynda Huawei-niň paýy 48%-e ýetdi. Samsung ornuny ýitirýär

Birnäçe ýyl ozal Samsung çeýe ekranly smartfonlaryň segmentinde öňdebaryjy hasaplanýardy. Kompaniýa şeýle smartfonlary uly göwrümli mahabat kampaniýalary arkaly işjeň ösdürýärdi. Netijede, onuň bazardaky orny sarsmajak ýalydy...

düýn 16:55
317

Apple kompaniýasy iPhone 17 Pro-daky çyzyklary duzly erginiň kömegi bilen aýyrmagy teklip edýär

Apple-iň täze iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlary satuw başlany bäri garaşylmadyk kemçilik sebäpli dilden düşmän gelýär. Firma dükanlarynyň myhmanlary görkezmek üçin goýlan smartfonlarda yzky panelleriň çyzylandygyna üns berdi...

düýn 10:22
58

Kofein çylşyrymly meseleleri çözmekde adamlaryň tutanýerliligini ýokarlandyrýar

Täze barlag kofeniň çylşyrymly ýa-da bölekleýin çözmek mümkin bolmadyk meseleleri çözmekde tutanýerliligi ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Munuň täsiri dartgynly ýagdaýdaky adamlarda has hem göze ilýärdi. Synaglara ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Amhýorst kollejiniň 329 talyby gatnaşdy...