Wagtyň näçedigi biziň bedenimize nähili täsir edýär?

  • 01.10.2019 23:32
  • 5.1k+

Sagadyň näçedigi adamyň işjeňligine nähili täsir edýärkä? Siz, megerem, bu barada içgin gyzyklanan dälsiňiz. Elbetde, gündiz adamyň hereketli, agşamlaryna bolsa ýadawrak bolýandygy hemmämize mälim, emma belli bir sagadyň hatda duýga-da täsir edip bilýändigini köpler bilýän hem däldir. Geliň, bu barada has anyk maglumatlara ýüzleneliň!

Irden sagat 6-dan 7-ä çenli aralygy “aýna” diýip atlandyrýarlar. Bu wagt adamyň uzakmöhletleýin ýadynyň iň işjeň wagty. Şu 1 sagadyň dowamynda kabul edilýän ähli maglumatlar aňsat özleşdirilýär.
8-den 9-a çenli aralykda logiki pikirleniş ukyby herkete gelýär. Bu bolsa şol bir wagtyň özünde ýatkeşlik we seljerme bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek üçin iň amatly wagtdyr.

Sagat 9-dan 10-a çenli maglumat we statistika bilen işleşmek ýeňil bolýar.

11-12 aralygynda intellektual işjeňlik biraz pese düşýär. Bu wagt ünsüňi böljek işler bilen gümrä bolmak ýerlikli bolar. Mysal üçin, aýdym-saz diňlemek.
Günortan sagat 11-den 14 aralygy günortanlyk nahar üçin iň amatly pursatdyr. Bu sagatlarda aşgazanyň işjeňliginiň artyp, kabul edilen iýmitiň has gowy siňýändigi aýdylýar.
Hereketli zähmet üçin 12:00-18:00 aralygy örän amatlydyr. Ondan giçki zähmet beýniniň ýadamagyna getirip biler. Bu ýadawlygyň ilkinji alamatlary ukusyzlyk hasap edilýär.
Sagat 21:00-den 23:00-e çenli beýni we nerw ulgamy doly derejede dynç alýar.
Gije 23:00-1:00 aralygynda ukuda bolmak maslahat berilýär. Sebäbi bu wagt ukuda adamyň içindäki “energiýa” täzelenýär. Hytaý lukmançylygynda bu “si” diýip atlandyrylýar, hindi ýogasynda bolsa oňa “prana” diýýärler. Häzirki zaman ylmy bolsa ony nerw we myşsa güýji hasap edýär.
1-3 aralygynda ukudaka adamyň emosional energiýasy täzelenýär.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....