Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

  • 01.10.2019 18:01
  • 2.9k+

30-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
BMG-niň Baş Sekretary sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň tagallalaryny kanagatlanarly belläp geçdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň global gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Şeýle hem şol gün BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi. Türkmenistanyň bu halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine biziň ýurdumyzyň berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
Mundan başga-da, şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Lýu Çženminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Lýu Çženmin şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Syýasy forumynda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synynyň üstünlikli tanyşdyrylyşy barada belledi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......