Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşdy

  • 01.10.2019 05:41
  • 2.8k+

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şaherine bardy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri sessiýadaky çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna dünýäniň häzirkizaman düzgünleriniň esasy hem-de döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesine ýetmegiň şerti hökmünde seredýändigi bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ilkinji gezek bu pikir Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýaňlandy. Degişli Rezolýusiýa Baş Assambleýa tarapyndan şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň 73 sany agza döwletleriniň awtordaşlygy netijesinde biragyzdan kabul edildi.
Şeýle-de, durnukly ösüş meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygyň ähli gatnaşyjylar üçin işiň uzakmöhletleýin geljege niýetlenen ileri tutýan ugry bolup galýandygy barada bellenip geçildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine sapary dowam edýär. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilendir.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......