Saud Arabystany edilen hüjümlerden soň, nebit önümçiligini dikelder

  • 30.09.2019 10:32
  • 5.5k+

Saud Arabystany ýurduň nebit desgalaryna edilen hüjümlerden soňra nebitiň çykarylyşynyň möçberlerini saklap galjakdygyna OPEC-e ynandyrdy. Interfaks-Gazagystanyň habar berşi ýaly,  bu barada OPEC-niň ýolbaşçysy Mohammed Barkindo Gazagystanyň paýtagtynda geçen “Kazenergy” energiýa forumynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.
«Ol (Saud Arabystanynyň patyşasy – IF) şeýle hem Saud Arabystanynyň önümçilik derejesini BAE-de 12-nji sentýabrda ylalaşylan möçberlerde saklap galjakdygyny wada etdi» - diýip Barkindo belledi. — Dünýäniň islendik ýerinde nebitiň we gazyň iberilmegine howp salmaklyk OPEC-iň senagaty we ykdysadyýeti üçin ägirt uly düzgün bozmadyr».
OPEC-iň baş sekretarynyň belleýşi ýaly, soňky birnäçe aýyň dowamynda global nebit bazary «söwda disputlarynyň we geosyýasy hadysalaryň netijesinde kesgitsizlikden doly boldy». «Bu kesgitsizlik ýakynda dünýäniň iň iri öndürijisi bolan Saud Arabystanynyň nebit ibermelerine edilen hüjümlerden soň has hem çylşyrymlaşdy. Bazardan 5,7 mln barrele çenli nebit ýok edildi. Şeýlelikde, nebitiň bahasy 7 göterimden gowrak ýokarlandy. Bu biziň soňky 30 ýylda duçar bolan iň iri hadysamyzdyr» - diýip Barkindo belledi.
«Patyşalygyň hökümetiniň we milli nebit kompaniýasynyň önümçiligi dikeltmek baradaky tiz jogaby bu çylşyrymlylygyň giňeldilmeginiň öňüni almak üçin örän möhümdi» - diýip ol belledi.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......