Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň şanyna harby ýöriş geçirildi

  • 27.09.2019 15:24
  • 6.8k+

Şu gün irden ýurdumyzyň Baş meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş geçirildi.
Däbe öwrülen bu dabaraly harby ýöriş diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň çäklerinde, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň milli goşunynyň ägirt uly kuwwatyny dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde dabaralandyrdy.
Hemişekiler ýaly, bu gezek hem dabaraly harby ýörişiň başyny baýdak göteriji topar açdy. Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary Baş meýdançadan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de milli Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, sazlaşykly hereketler bilen geçdiler.
Ýurdumyzyň Baş münberiniň öňünde ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň özboluşly görnüşi emele getirýän aýgytly gadamlary dabaraly sazyň joşgunly owazyna sazlaşýan nyzamly ýöriş bilen utgaşdy.
Dabaraly harby ýörişde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» diýlip atlandyrylan ýörite maksatly toparlarynyň ýörişi aýratyn şowhun bilen garşy alyndy. Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň tassyklamagy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ýeňe dakylýan nyşanyna türkmen alabaýynyň şekili ýerleşdirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişde iň täze harby tehnikalarynyň nusgalary hem görkezildi. Harby ýörişde ähli şertlerde söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen iň täze harby awtoulaglar, sowutlanan harby tehnikalar we asmana atyjy raketa toplumlary görkezildi.
Harby ýörişde howa giňişliginiň asudalygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýän Harby howa güýçleriniň howa tehnikalary hem görkezildi. Dürli söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen uçarlar we dürli görnüşli dikuçarlar uçup geçdiler.
Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişde Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň we Ýaragly Güýçlerimiziň «Göreldeli» harby orkestriniň harby gullukçylarynyň çykyşlary ýerine ýetirdiler. Kesgitlenen araçäk boýunça hatara duran harby gullukçylar öz ýaraglaryny usullyk bilen ýerde goýup, duran ýerlerinde nesillere buýsanç nyşany bolup duran «Abadançylyk» binasynyň hem-de sekizburçlygyň içinde türkmen alabaýynyň şekillerini emele getirdiler.
Olaryň yz ýany bilen baş meýdança çykan «Göreldeli» harby orkestriň harby gullukçylary hem ýöriş sazy bilen hereketleriniň ajaýyp sazlaşygyny görkezdiler. Orkestriň sazandalary takyk bir hatarlara düzülip, dürli nagyşlaryň şekillerini emele getirdiler we şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk ýazgysyny ýazyp, dabaraly harby ýörişiň jemini jemlediler.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......