Türkmenistan kanunçykaryjy häkimiýetiň iki palataly ulgamyna geçer

  • 26.09.2019 06:26
  • 9.2k+

Halk Maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine bu Toparyň ýanynda degişli iş toparyny döretmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany Konstitusion topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly teklipleri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi teklip etdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......