Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

  • 26.09.2019 06:12
  • 4.8k+

Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ýaşulular, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly döwlet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň etrapdyr obalarynyň zähmetkeşleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we KHBS-niň wekilleri, paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Dabaraly ýagdaýda geçirilen mejlisiň barşynda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny we döwlet dolandyrylyşyny ähliumumy demokratik ýörelgelerden, şeýle-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryndan ugur alyp kämilleşdirmek babatdaky meseleleriň giň göwrümine seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň şu ýylky oňyn durmuş-ykdysady ösüş tizligini belledi, milli syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlary, şol sanda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we maliýe mehanizmleri kämilleşdirmek barada aýtdy, şeýle hem döwlet we kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň işinde özgertmeleri kabul etmegiň wajyplygy hakynda belläp geçdi. Şunlukda iki palataly parlament ulgamyna geçmek başlangyjy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany ýurt Garaşsyzlygyny gazananyndan soň Türkmenistanyň 28 ýylyň içinde ýeten sepgitlerine aýratyn ünsi çekdi. Bu işe zähmetsöýer türkmen halkynyň goşan möhüm goşandy barada bellenip geçildi.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň daşary syýasy ugrunyň wajyp orny we halkara giňişligindäki Türkmenistanyň ýokary abraýy barada hem nygtady. BMG, ÝB, GDA we beýleki halkara guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk hakynda bellendi. Döwlet baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady ösüşe, sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen parahatçylyksöýüji syýasaty mundan beýläk hem durmuşa geçirjekdigini barada aýtdy.
Mejlisiň çäklerinde Watan öňünde tapawutlanan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylar ýokary sylaglara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Ataýewa Aksoltana, şeýle hem Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko “Altyn Aý” medalyny gowşurmak bilen “Türkmenistanyň Gahrymany” adyny dakdy.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......