«Toyota Сorolla» awtoulaglaryň täze tapgyry Aşgabadyň taksi parkynyň üstüni ýetirdi

  • 25.09.2019 05:56
  • 13k+

Awtoulag serişdeleriniň iň täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry, hususan-da, «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze awtoulag serişdeleri hyzmatlar ulgamynda ulanylar. Täze gelip gowşan ulaglar baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlar.
«Toyota Сorolla» ýeňil awtoulaglary ulanyşda ýokary ygtybarlylygy hem-de birnäçe beýleki artykmaçlyklar tapawutlandyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, awtoulag serişdeleriniň hereketlendirijileriniň tygşytlylyk we ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan halkara talaplaryna kybap gelýändigini bellemek gerek.
Ulaglaryň dürli görnüşleri, şol sanda ýeňil taksileri goşmak bilen awtoulaglar arkaly ilatyň ýolagçy gatnawlaryna islegini kanagatlandyrmak ilata ulag hyzmatyny guramagyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Bellenilişi ýaly, ulag serişdeleriniň satyn alynmagyny we Aşgabada getirilmegini «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» merkezi üojün etdi. müşderilere edilýän hyzmatyň hlini ýokarlandyrmak maksady blen ýeňil awtoulaglarda elektron planşetler oturdylar, taksileri onlaýn çagyrmak hyzmaty ýola goýlar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......