23-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady. Sergide ýurdumyzyň döredijiligiň, okgunly ykdysady ösüşiň bitewi toplumy görkezildi.
Serginiň guramaçysy — ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy ykdysadyýetimiziň döwlete degişli düzümleriniň hem-de maliýe-bank toplumynyň, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynyň we hususy işewürligiň kärhanalarynyň giň gerimli gazananlaryny görkezýär. Bu gezekki sergide dürli kärhanalaryň 70-den gowragy, şol sanda şereketleriň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň düzümleriniň onlarçasy öz mümkinçiliklerini, ýokary hilli önümlerini hem-de ýerine ýetirýän dürli hyzmatlaryny hödürleýärler.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň ýolbaşçylary hem-de deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň wekilleri, öňde boljak Halk Maslahatynyň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna gatnaşyjy wekiller, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň baştutanlary, şeýle hem ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergi merkezinde pudaklaýyn sergi bölümleri ýerleşdirildi, şolarda döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan, gerimi boýunça görlüp-eşidilmedik döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak işleri barada gürrüň berilýär.
Sergi sişenbe güni 17.00-a çenli dowam eder.
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady
- 24.09.2019 02:58
- 2.6k+