Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasyna dümew keseli boýunça Milli merkez derejesi berildi

  • 24.09.2019 02:36
  • 3.5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlaghanasyna (Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi) dümew keseli boýunça Milli merkez derejesiniň we şol bir wagtda dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň agzasy derejesi berildi.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda dümew wiruslary ýaýraýar, bu keselleri döredýän wiruslaryň täze görnüşleri peýda bolýar, olaryň çalt ýaýramak howpy ýüze çykýar. Aşgabatdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasy bolsa ştammlary örän gysga wagtda ýokary derejeli takyklykda kesgitlemek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.
Hut şol sebäpli hem bu edara Dümew keseli boýunça milli merkez derejesine mynasyp boldy, munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan resmi ykrarnamany alamatlandyrýar, bu gurama Aşgabatdaky merkeze BSGG-niň aýratyn maksatnamasy bolup durýan Dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň işine gatnaşmaga ygtyýar berdi.
Bu global hyzmatdaşlygyň çäklerinde dümew boýunça milli merkezler dümew keseliniň ýaýramagyna garşy gözegçiligi gije-gündizleýin amala aşyrýarlar, öz ýurtlarynda kliniki nusgalary ýygnaýarlar we synagdan geçirýärler hem-de dümew keseli ulgamynda maglumatlar we barlaglar boýunça BSGG-niň merkezleri bilen dümew wiruslaryny alyşýarlar, munuň özi wirusologiýa maglumatlary seljermäge hem-de öňde boljak dümew möwsümi üçin dümewe garşy derman serişdesiniň düzümini maslahat bermäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusologiýa bölüminde referens-barlaghananyň täze derejesi bu merkeziň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda maglumatlary alyşmakda gatnaşyklary işjeňleşdirýändigini hem-de giňeldýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hem ýylda iki gezek barlaghana nusgalary we ony barlamagyň netijeleri seljermäniň dogrulygyny tassyklatmak üçin BSGG-niň Londondaky merkezine iberiler.
Bu maglumatlaryň ählisiniň esasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýyl alnan netijelerden ugur alyp waksinalary işläp taýýarlamak boýunça maslahatlary berýär. Mysal üçin, Ýer ýüzüniň gündogar bölegi üçin, eger-de şol ýerde dümewiň belli görnüşi ýaýranda, waksinanyň aýratyn görnüşi talap edilýär, dünýäniň günbatar, demirgazyk we günorta bölekleri üçin hem aýratynlykda şeýledir. Dümewe garşy waksinalaryň netijeliligi ýaýraýan wiruslar bilen waksinanyň düzüminde bar bolan wiruslar bilen meňzeşlik derejesine baglydyr.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Aşgabatda açyldy. Bu merkez Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň möhüm düzüm bölegi, bu gullugyň welaýat bölümleriniň barlaghanalary bilen işlemek meseleleri boýunça utgaşdyryjy edara bolup durýar.

şu gün 15:20
1.1k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.3k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.6k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...