Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda syýahatçylyk kärhanasy döredildi

  • 22.09.2019 13:44
  • 5.8k+

Häzirki wagtda Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige çekmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde syýahatçylyk kärhanalary bellenen tertipde hususylaşdyryldy hem-de olaryň işini ulgamlaýyn dolandyrmak üçin birleşmäniň garamagynda syýahatçylyk kärhanasy döredildi. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berildi.
Täze düzümiň esasy wezipeleri ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakdan, bu ulgamda dürli çäreleri geçirmekden, Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, dünýä tejribesini öwrenmekden hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Hyzmatlaryň tutuş ulgamyny öz içine alýan pudagy sanly ulgama geçirmek bu ugurda esasy çäreleriň biri bolar. Munuň özi syýahatçylyk işewürliginiň has çeýe bolmagyny, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelmegini hem-de «sanlar dünýäsinde» bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Döwrebap maglumat ulgamy Türkmenistan boýunça syýahatlaryň has elýeterli bolmagyna ýardam eder hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini we içerki ugurlaryň köpüsiniň özüneçekijiligini ýokarlandyrar. Şeýlelikde, pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň syýahatçylyk serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de işewürlik çärelerini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer, ýurdumyzyň syýahatçylyk önümlerini daşarky bazarlarda wagyz etmäge ýardam berer. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......