ÝUNESKO «Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen» atly foto bäsleşik yglan edýär

  • 22.09.2019 01:03
  • 2.3k+

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasy (ÝUNESKO) «Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen» atly ikinji halkara bäsleşigine işleriň kabul edilip başlandygyny mälim edýär, diýip Orient habar berýär.
Eger-de siz Beýik Ýüpek ýolunyň geçen döwletleriniň birinde ýaşaýan bolsaňyz, onda bu bäsleşik siziň üçindir. Ol ÝUNESKO-nyň «Ýüpek ýoly» maksatnamasynyň çäklerinde Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini nygtaýan gural hökmünde fotosuratlary gural hökmünde peýdalanmaga çekmek.
14-den 25 ýaş aralygyndakylar öz döredijilik nazaryny we indiwiduallygyny fotosuratlaryň üsti bilen açyp görkezmek teklip edilýär. Fotosuratlar Ýüpek ýolunyň mirasyny 3 sany tema boýunça açyp görkezmeli: gastronomçylyk we iýmit önümlerini öndürmek; saz we tans; şeýle hem sportuň we oýunlaryň däp bolan görnüşleri.
Bäsleşige teklip edilýän işler 2020-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli silkroadsphotocontest@unesco.org salgysynda kabul edilýär.
Iki kategoriýanyň her biriniň — 14-17 ýaş we 18-25 ýaş — ýeňijisi 2020-nji ýylyň 21-nji noýabrynda onlaýn görnüşde mälim ediler. Birinji orun eýelänlere professional kamera berler.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda bäsleşigiň temasyny iň gowy görnüşde açyp görkezýän elliden gowrak ybarat bolan göçme sergiler gurnalar. Bu fotografiýalar şeýle hem metbugat suratlarynyň professional toplumynda hem peýda bolar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......