Maglumaty uzak wagtlap ýatda saklamagyň iň ýönekeý usuly anyklanyldy

  • 21.09.2019 14:46
  • 7.7k+

Beýik Britaniýanyň we Germaniýanyň psihologlary maglumaty uzak wagtlap ýatda saklamagyň iň amatly usulyny anykladylar. Bu usul adamlardan artykmaç tagallalary talap etmeýär.Geçirilen barlaglaryň netijeleri Hippocampus žurnalynda çap edildi, diýip New Scientist saýty belleýär.
Hünärmenleriň pikirine görä, täzelikde alnan maglumaty uzak wagtlap ýatda saklamak üçin 10 minutlyk arakesme etmek ýeterlikdir. Bu aralykda beýleki maglumat çeşmelerine ünsüňi bölmeli däl, hususan-da, telewizor görmek ýa-da ýoldaşlaryň bilen sosial torlarda ýazyşmak bolmaýar.
Arakesme edilende maglumaty ýatda saklamaklyk has güýçlenýär, onuň oňyn netijesi bolsa, hatda amneziýa alamatlary ýüze çykyp başlan adamlarda hem duýlar. Psihologlaryň pikirine görä, hatda ýatkeşlikden kösenýän adamlar hem öň alnan maglumaty gaýtadan aňynda dikeltmek ukybyny doly ýitiren däldir (olarda ýatlamalar saklanyp galdy).
Barlaglaryň geçirilýän döwründe alymlar adamlary boş, ösügsi çyra bilen ýagtylandyrylan otagda hiç hili mobil telefonsyz galdyrypdyrlar. Tejribeler tamamlanandan soňra psihologlar ýatda saklan maglumatlary gaýtalamagy sorapdyrlar. Netijä görä, dynç alan adamlar hatda iki hepdeden soň hem beýleki adamlar bilen deňeşdireniňde 10 % köp zat ýatda saklapdyrlar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......