Astrahanda türkmenistanly mugallym türkmen dilini okadyp başlady

  • 20.09.2019 16:46
  • 9.2k+

Türkmenistanly türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başyndan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady, bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Resul Şajiýew rus tarapynyň çagyrmagy esasynda Astrahana bardy.
Bellenilişi ýaly, türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýar. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde ilkinji sapaga diňe okuwçylar däl, eýsem, olaryň ene-atalary hem gatnaşdylar.
Bu ädimiň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir. Bu mekdepde türkmen dili diňe täze bilimleri öwrenmek üçin däl-de, eýsem türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmak üçin giňişleýin peýdalanylar.
Bu mekdebiň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda türkmen tarapy tarapyndan gurlandygyny bellemek zerurdyr.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......