Rekord dereje ýokarlanmadan soňra nebitiň bahalary ýene-de pese gaçýar

  • 19.09.2019 13:27
  • 6.3k+

Saud Arabystanynyň nebit infrastrukturalarynyň desgalaryna edilen hüjümleriň netijesinde soňky ýyllarda rekord derejede bahasy ýokarlanan nebit sişenbe güni söwdalaryň barşynda ýene-de aşaklap başlady, diýip Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti Interfaksa salgylanyp habar berýär.
Moskwa wagty bilen 8:23-de Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,94 göterim aşaklap, 68,37 amerikan dollaryna deň boldy. Duşenbe güni söwdalaryň barşynda olaryň bahalary 14,61 göterim ýokarlanyp, barreli üçin 69,02 dollara barabar bolupdyr.
Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,37 göterim arzanlap, 62,06 amerikan dollaryna barabar boldy. Geçenki söwdada olaryň bahasy 14,68 göterim ýokarlanyp, barreli 62,90 dollara barabardy.
Geçen dynç günleri uçarmansyz uçarlar Saud Arabystanynyň nebit desgalaryny, şol sanda ýurtdaky nebiti taýýarlaýan iri Abkaýk toplumyna we iri nebit ýatagy bolan Huraýsa hüjüm etdiler. Netijede günde 5,7 mln barrele deň bolan möçberde önümçilik togtadyldy, ýagny ýurtda çykarylýan nebitiň ýarysy ýa-da dünýäniň nebit önümçiliginiň 6 göterime golaýy.
Halkara energetika agentliginiň (HEA) maglumatlaryna görä, bu nebit ibermeleriniň taryhynda iň möhüm bökdençlikdir. Onuň möçberi hatda 1978-1979-njy ýyllaryň Eýrandaky yslam rewolýusiýasyndan we 1973-1974-nji ýyllardaky arap-ysraýyl söweşinden soňky embargodan hem artykdyr.
Saudi Aramco döwlet nebit çykaryş kompaniýasy ýakynda wagtda nebitiň çykarylyşyny bölekleýin dikeltmäge garaşýar, emma kände işleriň dolulygyna gaýtadan dikeldilmegi ýylyň ahyryndan bäri başa barmaz, diýip Citigroup-yň analitikleri çaklaýar.
Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Aramco işjeň däl offşor känlerinde nebitiň çykarylyşyny dikeldýär we öz nebit hem-de nebit önümleriniň ätiýaçlyklaryny ulanar. Rystad Energy-nyň bilermenleriniň bahalandyrmalaryna görä, ýurduň ätiýaçlyklary eksport ibermelerini 26 günläp üpjün edip biler.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......