Alymlar ýüregiňi sagdyn saklamagyň ýönekeý usulyny anykladylar

  • 18.09.2019 16:37
  • 12k+

Gresiýadaky Afina milli uniwersitetiniň alymlarynyň anyklamagyna görä, telewizora seýrek tomaşa edýän we yzygiderli ertirlik naharyny edinýän adamlar gan damarlaryň dykylmagyndan has seýrek ejir çekýärler. Şeýle hem olar has maýyşgak arteriýa eýedirler. Bu bolsa ýürek keselleri bilen kesellemegiň we insultyň öňüni alýar.
Alymlar Gresiýanyň Korinf şäheriniň ýaşaýjylarynyň iki müňden gowragynyň ýaşaýyş durmuş keşbini, saglyk ýagdaýyny we daşky gurşawyň dürli faktorlarynyň oňa täsirini seljerip gördüler. Barlaga gatnaşan meýletinçileriň ýaşy 40-dan 99 ýaş aralygynda bolupdyr. Barlaga gatnaşyjylaryň arteriýa gan damarlarynyň ýagdaýyny anyklamak üçin birnäçe testler geçirilipdir.
Şol testleriň birinde bil oňurga arteriýasynda puls tolkunynyň ýaýraýyş tizligi kesgitlenilipdir. Mundan başga-da, meýletinçileriň arteriýa diwarjyklarynyň iç tarapynyň galyňlygyny ölçemek üçin USB (ultra ses barlagy) geçiripdirler. Arteriýalaryň diwarjyklarynyň galyňlygy galyndylaryň toplanmagy we insultyň ösmek howpunyň ýokary bolmagy bilen baglydyr.
Alnan netijelere görä, telewizora ýygy-ýygydan tomaşa edýänlerde, ýagny köp bölegini oturyp geçirýänlerde telewizora seýrek tomaşa edýänlere garanyňda gan damarlarynyň dykylmak howpy iki esse ýokarydyr. Şol bir wagtda, hatda az güýç sarp edýän fiziki işjeňlik hem (mysal üçin, öý hojalyk işleri bilen meşgullanmak) saglyk ýagdaýyňy gowulandyrýar.
Telewizora hepdede 21 sagatdan köp tomaşa etmeklik gipertenziýa howpuny ýokarlandyrýar. Onuň tersine, telewizora hepdede 7 sagatdan az tomaşa edýänlerde gipertenziýa howpy 68 %, süýji kesel bilen kesellemek howpy bolsa 50 % pesdir.
Mundan başga-da, öz içine süýt, çörek, peýnir we ýarma alýan kuwwat beriji ertirlik naharyny iýmeklik hem arteriýalaryň saglyk ýagdaýyny düýpli gowulandyrýar. Ertirlik naharyny sypdyrýan adamlaryň 15 %-inde arteriýalaryň gatylygy ýüze çykaryldy. Irdenlerine ertirlik edinmek bolsa, bu görkezijini 6,3 % aşakladýar.

düýn 14:46
3.2k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.7k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....