Ulag dolandyrylanda haýsy aýdymlary diňlemek örän howply

  • 17.09.2019 12:15
  • 10k+

Alymlar ulag dolandyrylanda diňlenilýän ýol-ulag hadysasyna getirip biljek iň howply aýdymlaryň sanawyny neşir etdiler.
Gaty sesli we agressiw rok sazyny diňleýän sürüjileriň ýol-ulag hadysasyna düşmek mümkinçiligi örän ýokarydyr. Bu netijeleri Günorta-Hytaý tehnologiýa uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary görkezdi, diýip «The Sun» neşiri habar berýär.
Alymlar rok sazynyň, ýeňil sazyň hem-de asla saz diňlemezligiň sürüjiniň ulag dolandyrmak ukybyna täsirini seljerip gördüler. Ýörite ulag dolandyrmak üçin tejribehanada synagdan geçýänlerden alty zolakly awtomagistralda zolaklaryny çalşyp durmagy soradylar. Adatça sürüji sagatda ortaça 70 gezek zolagyny üýtgedip durdy. Ýöne gaty sesli rok sazyny diňläp barýan sürüji hereket edip barýan zolagyny has ýygy-ýygydan çalyşdy — sagatda 140 gezek.
Üstesine synag edilýänler ulagy has gazaply dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sagatda 8 km çenli tizligini hem artdyrdylar.
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, minutda 120 urgudan köp ýygylykdaky saz ulagy dolandyrmaklyga ýaramaz täsir edýär: tizlik aşa ýokarlanýar we ýol hereketiniň düzgünleri has köp bozulýar.
Rok äheňdäki saz tiz depgini we sazyny gatylygy bilen häsiýetlendirilýär, hut şonuň üçin he ol awtomobil sürüjileri üçin howpludyr.
Geçirilen barlaglaryň ýene-de biri bu maglumatlary tassyklady we «Green Day» amerikan rok toparynyň «American Idiot» diýen aýdymynyň sürüjiler üçin iň howply aýdymdygyny görkezdi. Ýol ulag hadysasyna getirip biljek «howply» aýdymlaryň bäşligine şeýle hem Miley Cyrus-yň ýerine ýetirmegindäki «Party in The U. S. A», Mr Brightside (The Killers), Don't Let Me Down (The Chainsmokers) we Born to Run (Bruce Springsteen) girdi.
«Led Zeppelin» toparynyň Stairway to Heaven diýen rowaýata öwrülen kompozisiýasynyň «howplulyk» derejesi pes diýlip bellenildi.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......