Türkmen alabaýy emlägi we eýesini goramakda iň gowy tohum hasaplanýar

  • 17.09.2019 00:30
  • 7.1k+

Alabaý we kawkaz owçarkalary emlägi hem-de eýesini goramakda itleriň içinde iň gowy tohumlar hasaplanylýar, diýip Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň prezidenti Wladimir Golubew Ria Nowosti habarlar agentligine gürrüň berdi.
«Bu tohumlardan bolan itler eýesiniň bar wagty hem, ýok wagty hem özbaşdak çözgüt kabul etmäge ýykgyn edýärler. Hut şonuň üçin hem olar hökmany tertipde baş öwretme kurslaryny geçmeli» - diýip ol belleýär. Bilermeniň pikirine görä, bu jandarlara ýagdaýy dogry kabul etmegi — haýsy ýagdaýda güýç ulanyp, haýsy ýagdaýda güýç ulanmaly däldigini öwretmeli.
Golubewiň bellemegine görä, baş öwretmek bilen diňe degişli bilimi we iş tejribesi bolan hünärmenler meşgullanmaly. Eýesi tarapyndan baş öwretmekde we dolandyrmakda iň gowulary hökmünde goragçy itler hasaplanylýar, diýip Golubew aýdýar. Olar partlaýjy we neşe serişdelerini, adamlary gözlemek üçin, düzgün bozujylary tutmak üçin, betbagtçylyklardan soň ýumrulmalaryň aşagyndan adam tapmak üçin peýdalanylýar.
Garawul hem-de çopançylyk işini ýerine ýetirýän itler goragçy itler hasaplanylýar. Nemes we belgiýa owçarkalary, rotweýlerler, labradorlar, spaniýeller — goragçy itlere aýdyň mysaldyr, diýip Golubew belledi. «Itleriň bu tohumlarynyň ählisi hem sagdynlygy, çydamlylygy, mert häsiýeti, özüne bolan ynamy we gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýarlar. Hut şonuň üçin hem olar iň çylşyrymly şertlerde uzak wagty dowamynda iş alyp barmaga ukyplydyr» diýip kinolog belleýär.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......