Telefonlara bolan isleg peselýär

  • 14.09.2019 05:05
  • 14k+

“Gartner” kompaniýasy dünýä boýunça mobil telefonlaryň bazarlardaky satuwy bilen bagly soňky hasaplamalaryny okyjylar bilen paýlaşdy. Maglumatlara görä, häzirki wagtda ykjam telefonlaryň 1,7 göterimden-de gowrak pese gaçypdyr. Kompaniýanyň wekili bu ýagdaýy alyjylaryň arzan bahaly telefonlara bolan isleginiň ýokary hilli telefonlara garanyňda has-da ýokarlanýandygy bilen düşündirýär. 2019-njy ýylyň häzirki wagtyna çenli jemi 368 million telefon satylypdyr. Bu görkezijiniň 75 milliony “Samsung” kompaniýasyna degişli hasaplanýar. Bu bolsa telefona isleg bildiren her bäş adamyň biriniň (20,4%) “Samsungy” saýlandygyny görkezýär. Beýleki bir brend hasaplanýan “Huawei” kompaniýasynyň alyjylarynyň sany 13,3 göterimden 15,8 göterime çenli ýokarlanypdyr. “Apple” bolsa şu ýylyň dowamynda 38 million telefon satyp, sanawda üçünjiligi eýeleýär.
“Gartner” kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2019-njy ýylda dünýä boýunça jemi 1,5 milliard telefon satylar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 2,5 göterim az diýildigidir.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......