«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 10.09.2019 05:33
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, dünýä ýüzündäki belent at-abraýynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň asudalygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmäge netijeli goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, döredijilik işgärleriniň bir topary şu ugurlar boýunça:
Iň gowy goşgular we poemalar üçin;
Iň gowy makalalar we oçerkler üçin;
Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin;
Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin;
Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin;
Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary üçin;
Iň gowy tans, halk döredijilik we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin;
Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin;
Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin;
Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin;
Medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede gurandygy üçin;
Iň gowy şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, taslama-bezeg işleri üçin;
Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin;
— edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 534 800 (bäş ýüz otuz dört müň sekiz ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemeli.
Karary dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......