Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärlerine hormatly atlary dakdy

  • 07.09.2019 23:03
  • 4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda resminamalara gol çekdi. Resminama laýyklykda, milli teatr we kino sungatynyň, aýdym-saz sungatynyň, žurnalistikanyň ösmegi üçin goşan goşandy, döwletiň we halkyň öňünde bitiren hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken päk zähmeti göz öňünde tutulyp şu aşakdaky agzalan döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakyldy:
Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussady Ýakubowa Tyllagözel Baýlyýewna - «Türkmenistanyň halk artisti» ady dakyldy;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Berdiýew Atajan Bäşimowiç - «Türkmenistanyň halk artisti» ady dakyldy;
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halk döredijiligi bölüminiň çeper ýolbaşçysy Melkumýan Aram Simonowiç - «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» ady dakyldy;
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň gündelik däl neşirleriň çap we meýilleşdiriş müdirliginiň okuw kitaplarynyň çap etmek bölüminiň baş hünärmeni Sapargulyýew Hekim Täçgulyýewiç - «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» ady dakyldy;
Mollanepes adyndaky Türkmenistanyň talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy Amangulyýew Täçmämmet - «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady dakyldy;
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň döwlet horunyň artisti Rejepow Nurýagdy Sapardurdyýewiç - «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady dakyldy;
Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor-tans ansamblynyň artisti Ýazmämmedow Guwanç Kakadurdyýewiç - «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady dakyldy;
Nurýagdyýewa Gurbansoltan (M.Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň artisti bolan, aradan çykan) - «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady dakyldy;
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ahmetberdi Mededow - «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» ady dakyldy;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri Agamyrat Mämmedow - «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» ady dakyldy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......