Sentýabr aýynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri

  • 01.09.2019 23:18
  • 5.7k+

Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa sentýabr aýynda meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, ýörite sergiler, bäsleşikler, ylmy we pudaklaýyn maslahatlar, sport ýaryşlary hem-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazananlarynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen aň-bilim häsiýetli köpçülikleýin gezelençler girizildi. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly baý mazmunly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, paýtagtymyzdaky “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk çagalar bagynyň, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde umumybilim berýän orta mekdepleriniň açylyş dabaralary bolar. Şeýle hem sentýabr aýynda Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherlerinde ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berler.
“Koreýanyň hepdeligi”, saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy ýaly halkara çärelerini hem geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly konserti hem-de köpugurly “Aşgabat” stadionynda sahnalaşdyrylan çykyşlar guralar. Baýramçylyk güni paýtagtymyzda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresi, dabaraly ýöriş, “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly dabara bolar.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine Garaşsyzlyk baýramynyň 28 ýyllygy mynasybetli hormatly atlary dakmak dabaralarynyň göz öňünde tutulýandygyny hem-de bu çäreleriň 7-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljekdigini habar berdi. Şeýle hem onuň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar.

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......