23 — 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

  • 31.08.2019 23:46
  • 2.7k+

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp 23 — 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Bu ägirt uly gözden geçiriliş Söwda senagat edarasynyň binasynda guralar. Şol ýerde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, häkimlikleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 70-den gowrak sergi diwarlyklary gurnalar.
Sergide senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, energetikada, ulag hem-de aragatnaşykda, söwda we hyzmatlarda, maliýe hem-de bank ulgamlarynda we beýleki ugurlarynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler giňden görkeziler.
Durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda, ýurdumyzyň sebitlerinde, Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berýän diwarlyklarda beýan ediler. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini görkezer.

şu gün 00:09
1.8k+

Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi

Türkiýede 65 we ondan uly ýaşly adamlar indi ilatyň 11,1%-ini düzýär. «Turkstat-yň» berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 9,5% bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Türkiýe garry ilatyň paýy boýunça dünýäniň 194 ýurdunyň arasynda 75-nji orunda durýar...

düýn 18:54
4.3k+

Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy

Dünýäniň iň tanymal, şol bir wagtyň özünde-de nätanyş köçe suratkeşi Benksiniň hakyky adynyň Dewid Jonsdygy anyklandy. Şeýle netijä Reuters agentliginiň žurnalistleri geçiren derňewleriniň netijesinde geldi. Benksiniň şahsyýetini anyklamak boýunça ilkinji synanyşyk 2008-nji ýylda edilipdi...

düýn 17:04
6.5k+

Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary

reFocus baýragynyň guramaçylary “Ýabany tebigatyň höwesjeň suratlary” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Gysga sanawa dünýäniň dürli künjeklerinde — Antarktidadan we Afrikadan Aziýa, Arktika we Amerika çenli düşürilen suratlar girýär...

düýn 16:02
1k+

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...